Milli dereje
Adam aýtdy:
"Geň zat, olaryň haýsy bilen ikiçäk gürleşseň, beýlekisi hakynda ýakymsyz bir gürrüň tapýar. Ilkiler kyn bolýar, her gezek tisginýärsiň, edilýän gep-gürrüňleriň haýsyna ynanjagyňy, haýsyna ynanmajagyňy bilip bilmän, kelläňde göterip, eger-de şeýle diýip bolýan bolsa, ruhy taýdan ejir çekýärsiň. Soň ol adamlaryň özüň hakynda, elbetde, ýeňseden edýän gürrüňlerini eşidýärsiň. Biri bu gürrüňleri gynanyp getirýär, beýlekisi begenip, reaksiýaňy biljek bolup getirýär. Sen öz eden ýa etmedik işiňi başga birinden soramaly däl, ol adamlaryň nämede dogrusyny aýdýandygyny, nämede ýalan sözleýändigini bada-bat görýärsiň we ynjalýarsyň. Şondan soň saňa beýleki adamlar hakynda edilýän çyn ýa ýalan, ýa-da garym-gatym edilen gürrüňler hem geň görünmeýär. Belki, bu olaryň bar bolup bilişleridir."