Il meselesi

Adam aýtdy:

"Düşünmez ýaly zat ýok, il-gün gara işi kimdir birleriniň ederine garaşýar, özüni, çagalaryny aýaýar. Eger biri pikirini aýdyp, tutulsa ýa basylsa, çagasyny ýetim goýsa, olaryň içinde içinden ýylgyrýan köp bolýar, daşyndan 'hana, gördüňizmi, pikiriňi aýtsaň näme bolýar?' diýip, gülýän hem tapylýar. Sebäbi bu ýagdaý, daşyndan göräýmäge, olaryň messepsizligini aklaýar. Emma hakykatda bu il-günüň öz päl-niýetine görä ýaşaýandygyny görkezýär. Dymdyňmy, çekmesizi çekdiňmi, iki-ýeke öňe çykanyň arkasynda durmaga gaýratyň ýokmy, görnüp duran ýalana we talaňa ýalan, talaň diýip biljek dälmi, otur, ýaşa diýmeli olara."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024