Adaty zatlar

Adam aýtdy:

"Moskwada polisiýa ofiserleri ýüreginden tutup ölen adamyň puluny ogurlapdyrlar. Ol ýeke ýaşaýan eken we haly harap bolup başlanda, tiz kömege jaň edipdir. Merhumuň ogly, kakasynyň bank kartyny tapyp bilmän, onuň telefonyny barlanda hasapdaky bar puluň – 14 müňe golaý rublyň başga bir hasaba geçirilendigini görüpdir. Şeýle-de, merhumyň garyndaşlary öýden kitap tekjesinde gizlenen 20 müň rublyň ýitirim bolandygyny aýdýarlar. Geçirilen barlagdan soň, ölümi bellige almaga gelen polisiýa ofiserleri mobil telefon arkaly ogurlanan puly boýun alyp, kitap tekjesinde gizlenen puly alandyklaryny inkär edipdirler. Bizde bu habary hiç kim görmeýär, sebäbi häkimiýet wekilleriniň we lukmanlaryň diňe dirileri däl, ölenleri ýa öljek bolup ýatanlary hem talamagy bireýýäm adaty zada öwrüldi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024