Adam we borç
Adam aýtdy:
"Bu örän ýönekeý hem düşnükli: adama hudaý aň-üşük beripdir, özüni, çagalaryny, öýüni, oba-şäherini hapaçylykdan, aldajy kesellerden gorar ýaly. Ol hemişe ýuwunmaly, ardynmaly. Tämizlik, arassaçylyk örän möhüm. Hapa suwy başyňa çekmän, arassalap, hapasy aşak çökýänçä garaşyp, ýa süzüp içişiň ýaly, durmuşy hem ähli hapa-harsysy bilen başyňa çekmeli däl. Ýogsa hapaçylyk, keseller adamy wagtyndan has ir alýar, öldürýär. Hapa niýet, açgözlük, ýalançylyk, ikiýüzlülik, biparhlyk ýa akyl ýaltalygy ýaly nogsanlar hem, özüňde bolsun ýa başgada, şol kesellere girýär. Namart häkimler, her edip, hesip edip ýokaryk dyzaýan we beýlekileri ezip, basgylap uly boljak bolýan adamlar hem şol hapa girýär. Olardan hem özüňi, hem jemgyýeti arassalajak bolmaly. Bu niýeti düzüw adamlaryň ählisiniň borjy. Bu borçda haýal-ýagallyk etmek ölüme barabar, sebäbi hapa niýetli adamlar şeýtan ýaly bir zat, azdyranlary özüniňki. Keseller köpelensoň, möwjäp galansoň, biraz giç bolýar."