Agzy dogaly adamyň aýyby

Adam aýtdy:

"Ikiýüzlülik, belki, biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegidir. Käbirleri iki däl, ýüz ýüzüň bolmasa, ýaşamak mümkin däl diýýär. Bu agzy dogaly, din-imanly bolan bolýan adamlara hem degişli. Toýda-ýasda, hatda kiçiräk oturyşyklarda hem nahardan soň töwir galdyrýan, doga-dileg edýän adamlary arzylamak, olary sylamak däbi bar. Emma biraz öň göz öňünde beýlekilerden bir gez beýgelen ýaly bolan adam daş çykyp, başga biriniň gybatyny etse ýa öz halamaýan adamlary barada gelşiksiz gürrüň etse, görnetin ýalan sözlese ýa öz isleýän zadyny hakykat ornunda goýup, birine agyr töhmet atsa, birhili bolýarsyň. Ýogsa bu ýerde geň galar ýaly zadam ýok. Türkmen bir wagt bilipdir we aýdypdyr" mollaň edenini etme, diýenini et diýip. Ozallar bu gelşiksiz ýagdaýlar iki, üç adamyň arasynda bolardy. Käbirleri agzy dogaly adamyň edýän ýykyp-ýumrujy, bölüji gürrüňlerinden utanyp aşak baksa, käbirleri oňa goşulyp, gep-gybatyň üstüni ýetirerdi, adamlaryň arasynda özara ynamyň, hormat-sylagyň azalmagyna öz goşandyny goşardy. Indi bu gelşiksiz ýagdaý, sosial media arkaly, has uly auditoriýada ýüze çykýar: agzy dogaly, din-imanly bolup oturan adam Youtube arkaly başa birleriniň, belki-de o diýen tanamaýan adamlarynyň ejesi, bajysy, gyzy hakynda gelşiksiz gürrüň edýär. Bu gürrüňler adaty, bisowat, terbiýe görmedik adamlaryň agzyndan eşidilse hem utanç, ýöne agzy dogaly bolan bolýanyň agzyndan eşidilse, iki, üç ýa ýüz esse utanç."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024