Başdan geçirilenler
Adam aýtdy:
"O gün biriniň başdan geçirenini diňledim: aeroportda uçardan alyp galan häkimiýetlerden hakymy talap edip, ýeke-ýeke baryp dawalaşýaryn welin, beýlekiler, meniň bilen bile uçara goýberilmedik on-on bäş aýal duran ýerlerinden jyklap, seslerini çykarman dur diýip zeýrendi. Wah, dogan, seslerini çykarman dursalar begen, häkimiýetlere ýaranjak bolup, gelip töhmet atsalar, türmä basdyrjak bolsalar, ýa-da her hili gybat ýaýradyp, garran ene-ataň, ýakynlaryň ýüregini agyrtsalar nätjek diýdim. Sebäbi bu meniň başymdan geçipdi."