Ýitirilýän ýurt

Adam aýtdy:

"Aleksandr Morozow, rus žurnalisti iki aý Çehiýada ýaşap, Awstriýa-wenger imperiýasynyň synyşy baradaky kitaby okap, çeh durmuşyny synlap, birden ruslaryň ÖÝLERINIŇ ÝOKDUGY baradaky netijä gelipdir. Onuň pikiriçe, XX asyrdaky imperiýa synmasyndan soň hemmeler öz öýlerine eýe boldy, hatda 400 ýyllap döwletliligi bolmadyklar, asla hiç wagt döwletliligi bolmadyklar hem öýli, jaýly boldy. 'Elbetde, öý-jaý ýaramazrak, garyp-pukara, gowy abadanlaşdyrylmadyk bolup biler. Ol öýde häzir häkimiýetiň ýaramaz bolmagy hem ahmal. Ýa-da ol öýde nähilidir bir 'medeni çökgünligiň' bolmagy hem mümkin. Ol öý-jaý globallaşma harasadynyň badyna mazaly silkenip, çaýkanyp hem biler. Emma ol aslynda bar. Galan zatlar 'ýuwaş-ýuwaşdan' düzeler. XX asyrdaky imperiýa synmasyndan soň oňa giren her bir milletiň öz 'öýi' bar bolup çykdy. Muňa döwletler bilen birlikde territoriýalary hem goşup bolar. Hatda tatarlar, çeçenler ýaly RF-niň içinde elgarama döwleti bolanlaryň hem öz 'öýleri' bar... Emma ruslar öýsüz' diýip, syýasaty öwreniji žurnalist öz pikirini ýazypdyr. Belki, ol mamladyr, belki-de ruslaryň bu düşen ýagdaýynyň sebäpleri ozal beýleki halklaryň ýa milletleriň başyna salan günleri bilen bagly bolup, ol muňa o diýen düşünýän däldir. Ýöne men onuň ruslaryň çäksiz ýer-ýurtly, dinli, konstitusiýaly we kremlli bolup, hakykatda öýsüzligi baradaky agysyny diňläp, SSSR darganyndan soň öz öýlerine eýe bolan diýilýän milletleriň öýi barada pikir etdim. Dogrudanam, biz öz öýümize eýe boldukmy ýa ony öňküden-de beter ýitirýäris?"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024