Sorag berseň
Adam aýtdy:
"Agressiw köplük ozal ýagdaýy üýtgetjek bolýan jandurmazlar ýeke-ýekeden ýykylanda, 'diýmedimmi, aýtmadymmy?' diýip, içinden ýa daşyndan gülýärdi. Olar üçin başyny etegine salan akyllysyraýan samsykdy, reallyklara düşünmeýärdi. Indi eşidilýän gürrüňlerden çen tutulsa, ozalky tomaşaçylaryň köpüsi mazaly yzyndan ýetdirene meňzeýär. Bilmedim, belki-de ýalňyşýandyryn. Ýöne zähmet migrantlarynyň özleriniň aýtmaklaryna görä, yzda galanlary köpüsi daşary ýurtlara çykan ogul-gyzlaryndan saglyklaryny däl, diňe pul soraýarmyş. Hamala, şeýdip öz pällerinden gutuljak ýaly! Ýeri, bir gün ol pul iberýän ýykylsa näme etjek? Ýok, olara bu soragy berme, diňe şu güni bilen ýaşaýan adamyň ertirini ýatlatsaň, ejeňe söger."