Meýletinçileriň çukury

Adam aýtdy:

"Içinde ýaşaňsoň, halka gynanýarsyň, elbetde. Emma çagalaryny bezäp, begenip we guwanyp syýasy çärelere iberýän adamlar, olara gulçulygy öwredýän, ýalançylygy öwredýän ene-atalar, bu zatlara sessiz tomaşaçy bolýan köplük eziji hökümetiň ilkinji diregi bolýar. Dogry, ezijiniň diregi diňe olar däl. Soň olaryň çagalary ýetişip, ezijä garşy baş galdyranlary ýok etmek çärelerine aktiw ýa-da passiw görnüşde, ýa aramrak bolup, ýöne hökmany suratda gatnaşmaly bolýar. Bu ýerde ýüregiňe alyp, gaty gynanar ýaly zat ýok, adamlar öz gazan çukurynda otyr."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024