Körlüge esaslanýan liderlik
Adam aýtdy:
"Irland asylly amerikan ýazyjysy bilen söhbetdeşligi diňledim. Ol Irlandiýadan çykan güýçli adamlary ýurtdaky agyr garyplyk, çagalaryň uzak gyş gijelerinde, şuny-ha edip bilerin diýip, aldygyna tapan kitaplaryny okamaklary bilen baglanyşdyrýar. Emma bizdäki garyplykdan çykmagyň çykalgasy, häkimiýet başyndakylaryň we olaryň garşysyndakylaryň boluşlaryndan çen tutulsa, ilatyň kitap okamagynda, gözleriniň açylmagynda däl-de, okar ýaly kitap ýazyp biljek ýa başga dillerden terjime edip biljek adamlary hem ýa gul etmekde, ýa-da ýok etmekde ýaly. Ilki özleri kitap okamakdan geçen, olar başarsalar, kitap däl, dogry sözbaşy ýazyp bilýän adamlary hem, ýalňyşyny düzetjek, gaýtargy berjek adamlardan dynar ýaly, uçdantutma ikilikçi bilen çalşyrjaga meňzeýär."