TDH-nyň ussatlygy

Adam aýtdy:

"RBK ýazýar: Orsýetiň statistika maglumatlaryna görä, geçen ýyl bu ýurtda neşe maddalaryny ulanmakdan ýogalýan adamlaryň sany 60% ýokarlanyp, 7316 adama ýetdi. 2019-njy ýylda neşe sebäpli 4569 adam ýogalypdy. 2016-2018-nji ýyllar aralygynda neşeden ýylda 4,4–4,8 müň adam öldi. Elbetde, bu resmi statistika, hakykatda ýagdaýyň has elhençdigini aýdýarlar (Ýurduň neşe bilen üpjünçiligi, harby ekspertleriň käbiriniň pikiriçe, Täjigistandaky rus harbylaryna bagly!). Ýöne neşekeşlik belanyň diňe ýarysy, bu ýurduň arakhorlyk meselesi hem bar. 2020-nji ýylda Orsýetde arak-şerapdan 50,4 müň adam öldi, bu spirtli içgilerden öleniň 2019-njy ýyldakydan 6,3% köp bolandygyny görkezýär. Şeýle-de, geçen ýyl Orsýetde ilatyň jan başyna alkogol ulanmak 2% ýokarlanypdyr we bu pandemiýa döwründäki tendensiýa bilen düşündirilýär. Şol bir wagtda, RBK BMG-niň neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşýän edarasyna salgylanyp, 2018-nji ýylda Orsýetde neşeden ölenleriň resmi rus statistikasynda görkezilişi ýaly 4445 däl-de, 5331 adamdygyny belleýär. Orsýetde neşä garaşlydygy resmi hasaba alnan adamlaryň sany 600 müňden geçýär. Orsýetde geçen ýyl daşarky sebäplerden takmynan 139,6 müň adam öldi, neşe maddalaryndan ölenler olaryň 5,2%-ini düzýär. Bu görkezijileri görüp, 'biziň TDH zor-la, bir adama tigir we at mündürip, maşyn sürdürip, aýdym aýtdyryp, ýurtda neşe ulanmak, arak-şerap içmek we ölmek ýaly zatlaryň soňuna çykdy' diýip oýlanýarsyň."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024