Boýun alyş
Adam aýtdy:
"Käbirleri öz çagalaryny hem garrandan soň tanaýar. Doganlaryny bolsa, diňe miras paýlaşanda tanandygyny aýdýanlary köp gördüm. Bir tanşym bolsa, aýalymy diňe aýrylyşamda tanadym, bile ýaşan ýyllarymda asla tanaman ekenim diýdi. Hudaýa şükür, doganlarymy ýaşlykda, biraz wagt wezipeli bolup, terrorçy hökümet bilen oňuşman, birinji gezek tussag edilemde tanadym. Aýalym, çagalarym bilen bolsa, ikinji gezek türmä düşüp, soň ýurtdan gaçalym bäri has ýakynlaşdym. Ozal iş diýip, dogan-garyndaş, dost-ýar, il-gün diýip, maşgalama elim degmän, asmanda uçup gezipdirin. Taňrym köp görmesin."