Orsýet, Belarus we biz
Adam aýtdy:
"Tanymal urally fermer Wasiliý Melniçenko gelýän 5-6 aýylda Orsýetde 75 müň obanyň heläk boljagyny, ýakyn geljekde oba hojalyk önümçiliginiň 25-30 maşgalanyň elinde jemlenip, hili pes azygyň hem, aýdaly, häzir bizde bolşy ýaly, pasport bilen beriljegini çaklaýar. Şeýle-de ol, ýene-de bizde bolşy ýaly, Orsýetde diňe rubl bilen adam ömrüniň arzanlaýandygyny, nyrhlaryň keýigiň şahyna çykýandygyny aýdýar. "Credit Suisse toparynyň hasaplamalaryna görä, Orsýetiň ilatynyň ýarysynyň umumy baýlygy adam başyna 5431 dollardan geçmeýär. Bu ýurtdaky ortaça baýlyk derejesiniň geçen ýyldakydan hem 691 dollar aşak gaçandygyny aňladýar. Ortaça baýlyk nukdaýnazaryndan ruslar ispanlardan 19 esse (105,831 dollar), ýaponlardan 22,6 esse (122,980 dollar) garyp. Ruslar ortaça baýlyk meselesinde Estoniýanyň ilatyndan 7 esse (38901 dollar) garyp we juda garyp ýurt bolan Albaniýanyň ilatyndan 2,8 esse, uruşdan çykan Serbiýadan 2,7 esse yzda süýrenýär! Rus dostlarymyň biri bu sanlary görüp, sosial ulgamda Orsýetden we Belarusdan başga bütin dünýä baýlaşýar diýip ýazypdyr. Elbetde, ol biziň ýagdaýymyzy bilmeýän bolmaly."