Sada halk
Adam aýtdy:
"Gyrgyzlar "Kommersantda" çykan makalanyň gürrüňini edýärler. Onda Atambaew bilen Isakowyň 2015-nji ýylda dört sany harby dikuçary Uganda geçirişi barada gürrüň edilýär. Elbetde, kärendäniň bahasyny, 30 million dollary Dubaýdaky hasaplara geçiripdirler. Bu diňe bilinýän! Döwlet başyna gelen, işdäsi açyk oglanlar nämeleri etmedi, nämeleri etmez? Emma gürletseň, hemmesi akja jüýjedir. Žurnalistler işlese, metbugat öz işini edip bilse, döwlet başyndaky ogrulary jogapkärçilige çekmek barada iň bolmanda gürrüň edip bolýar. Şu sebäpdenem olar metbugaty, žurnalistleri duşman hasaplaýar, demini bermän bogýar, zäherleýär. Žurnalistler, eli galamly adamlar bilen halk hem bogulýar, tutuş jemgyýet zäherlenýär. Emma halk köpçüligi diýilýän muňa düşünmedik bolýar."