Agyr ýatlama
Adam aýtdy:
"Her ýyl tomus gelse, garyndaşlarymyz çagalarynyň okuw aladalaryndan söz açsa, 1977-nji ýylyň tomsunda iýmän-içmän, gije ýatman okap, M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girişim, birinji kursa başlan günümiz bolsa, bir kursdaşymyzyň mugallymyň 'A' çekimli sesmi ýa çekimsiz diýen soragyna 'çekimsiz' diýip jogap berşi ýadyma düşýär. Ýöne ol student soň okuwyny taşlady. Indi o döwürlerem 'gowy eken' diýýärler."