Agalar we iniler

Adam aýtdy:

"Il-günden nämäni gaty görjek? Hökümet bilen sözüň azaşsa, adalat, hak iş üçin terrorçy döwletiň gazabyna duçar bolsaň, ýanyňda durjak doganyň hem ýok. Şeýle bir ýagdaýyň şaýady boldum. 1990-njy ýyllaryň başynda bir dostum syýasata baş goşup, hökümetiň gaharyny getirdi. Onsoň ony akylhana ýerleşdirdiler. Ylgap, daşary ýurtlardaky hukuk guramalaryna ýüz tutdum. Edilen kömegiň içinde maddy goldaw hem bardy. Berlen puly alyp, ýüzümi garaňka tutup, akylhana ýerleşdirilen dostumyň agasynyň öýüne bardym. 'Ine, halkara hukuk guramasy biraz kömek iberdi, yzyndan baraňyzda gerek zatlaryny elter ýaly' diýip, berlen puly öňünde goýdum. Agasy gaşyny çytyp, 'bizde onuň ýaly ini bolmaz, puluňy hem al-da, göteril' diýdi. Dogrudanam, bu adamlaryň il-ýurt aladasyny edýän inileri bolmaz, bolanlaryny hem hökümet garaw görmän ýok eder."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024