Adamyň baran ýeri
Adam aýtdy:
"Ekin meýdanlarynyň arasynda gurlan täze obanyň daşynda ertir-agşam gezim edýänime on bir ýyl boldy. Her ýyl şol bir ýagdaýy, ýerleriň bejerilişini, soň olara ekin ekilişini, hasyl ýygnalyşyny görýärin. Emma ne ekişde, ne başga wagt, ne hasyl ýygnalanda sürlenip ýören adam ýa goh-galmagal bar. Hemme iş ümsümlikde, tehnika arkaly, sähel salymda edilýär. Belki, şundandyr, gezim edýänler, it gezdirmäge çykanlar her ýyl ekiniň içinden ýoda salýarlar. Şu ýyl ahyry adamlaryň ýoda salýan ýeriniň iki gapdalyndan çagyryş etdiler: ekin meýdanyny basgylamazlygy, daýhanlaryň zähmetini sylamagy soradylar, ýogsa biziň iýere zadymyz bolmaz diýdiler. Başga ýoda saýlamagy maslahat berdiler. Emma bu maslahaty alan bolmady. Geň ýeri, ol ýerden ýoda salýanlar işe ýetişmek üçin gyssanyp barýan adamlar hem däldi, wagty kän, gezime çykan adamlardy... O gün biri ekiniň beýle ýüzünde dikilen çagyryşly belligiň tagtasyny döwüp, ony beýläk, çete zyňypdyr. Ertesi barsam, biri ol belligi yzyna getirip, daş üýşürip, öňki ýerinde 'dikipdir'. Elinde guraly ýok bolarly... Şu gün başga biri ýodanyň ulalyp barşyny görkezip, başyny ýaýkady. 'Neme indi, ekin meýdanlarynyň daşynda hem kamera goýjakmy' diýdi. Geçip barýan ýaşuly güldi-de, 'adamyň baran ýerinde gowulyky kyn bolar' diýdi.