Içdäki agy
Adam aýtdy:
"Aýalym her gyşda guşlary alada edip, iým alýar. Ýöne öwrendikli bolan guşlar garly, aýazly günler çeçensoňam gitmeýär, hususan-da birki jübüt gumry, mellegiň çüňkündäki iým atylýan ýer boş bolsa, göni işige gelýär. Sebäbi, ýagyş ýagyp, mellek çyg bolsa, aýalym iými işikdäki kerpiç düşelen ýere sepýär. Şu gün ol iým sepip, durşuna aýnadan edilen gapydan gumrularyň haýdap gelşini we kän eglenmän gidişini görüp, geň galdy. Ýa pişik-beýleki barmyka diýip, baryp görse, ozalky sepýän iýminiň deregine ýalňyşyp, süle sepen eken. 'Bä, ilde guşlaram her berlen iými iýmän, saýlap iýýär-aý' diýip güldük. Ýöne içimizden agymyzy tutdy. Sebäbi ozal muny pişikleriň mysalynda-da görüpdik."