Manysyz ömür
Adam aýtdy:
"Konfusiý gürrüňdeşlige mynasyp adam bilen gürleşemseň, adamy ýitirýärsiň, gürrüň edeniňe degmeýän adam bilen gürleşseň, söz zaýalaýarsyň diýipdir. Biz öz gysga ömrümizde, hususan-da elli, altmyş ýaşaýançak, çäji harpykdan saýlap bilmän, kän adam ýitirýäris, kän söz zaýalaýarys. Okamaly kitaplara, görmeli oýunlara we kinolara derek, boş adamlardan myg berýän meýlislere pul sowran ýaly, çem gelen bolgusyzlyga wagt sowurýarys. Netijede biraz soň, ýaş bir çene baryp, ýagşy-ýamany has uzakdan saýgaryp başlaňda, ilki öz ömrüň, soň beýlekileriň bolup ýörşi gülkünç, manysyz bolup görünýär."