Jyny jyňkyryşmadyklar

Adam aýtdy:

"Täze bir zatlary öwrenjek bolup, her ugurdan adamlaryň aýdan zatlaryny okaýaryn, diňleýärin. Düýn Denzel Wasingtonyň bir sözüniň üstünden geldim. Ol 'Adamlaryň käbiri seni hiç wagt halamaz, sebäbi seniň ruhuň olaryň jynlarynyň gaharyny getirer' diýipdir. Obada, gowaça meýdanynda suw tutup, günortan çaýa çykyp, tüňçede çaý gaýnadyp, dynç alan wagtymyzda bir obadaş ýaşulynyň gürrüňleri bolmasa, çaýymyzy süýjüsiz içen ýaly bolardyk. Denzeliň sözleri maňa şol suwçyny ýatlatdy. Ol bir gezek 'jyny jyňkyryşmandyr, jyny almandyr' diýen bir düşünje bar, manysyny bilýäňizmi diýip sorady we s oňundan öz soragyna özi jogap berdi: 'adamyň jyny ýa jynlary öňe gidip, onuň sataşjak adamlarynyň jyny ýa jynlary bilen görüşýär, salamlaşýar, eger olar umumy dil tapsalar, ol jynlaryň eýeleriniň arasynda problema bolmaýar, eger olaryň jynlarynyň ruhy bir-birine gabat gelmese, problema bolýar. Şu sebäpden özara oňuşmaýan, bir-birini halamaýan adamlara 'jyny jyňkyryşmandyr ýa jynlar alyşmandyr' diýýändirler. Bu, dogrudanam şeýle ýaly. Käbirleri bilen, erbet ýa gowy adam, kän tapawudy ýok, göni problemaň bolmaýar, käbirleri bilen hiç zat ýok ýerden dawa-jenjel döräp bilýär. Bu adamyň özünden bolman, dogrudanam jynlaryndan, ýagny jynlarynyň alyşmazlygyndan bolup biler."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024