Men haýran
Adam aýtdy:
"Men geň galýaryn, SSSR-iň döreden Ylymlar akademiýasyny, uniwersitetdir institutlaryny, hünär mekdeplerini para-peşgeş, tanyş-biliş bilen ýykdyk, olardan has gowşak diktaturany näçe para bersek-de, näçe ýalan sözlesek-de ýykyp bilmeýäris. Gaýta, biz näçe ikiýüzli bolsak, ol berkeýän ýaly. Düşüner ýaly däl. Ozal işlän gurallar näme üçin bu diktatura gezeke gelende işlemeýär?"