Aýyply adamlar
Adam aýtdy:
"Indi biri beýik ideallar hakynda gürrüň etse, näme üçindir, goňşy obamyzdaky açgöz molla ýadyma düşýär. Ol märekede 'Eý, pylany, arada kakaň pahyr düýşüme girdi, aýakýalaňaç eken, ýa köýneginiň bir ýeňiniň tirsegi ýyrtyk eken' diýip, ýuwaşrak gören adamyny il içinde utandyryp, ýakasyny tanatdy. Emma muny onuň göni ýüzüne aýdýan, 'haram oýnuňy bes et' diýýän tapylmazdy. Tersine, oňa goşulyp, kakasy mollanyň düýşüne giren adamyň ogluna mal öldürip, doga-dileg etdirmegi, adam üýşürmäge ýagdaýy bolmasa, bir mätäje aýakgap ýa köýnek alyp bermegi maslahat beren bolýan 'akylly, adamkärçilikli' adamlar azlyk etmezdi. Ozal bu gylyk diňe açgöz, hudaýsyz mollalaryň käridir öýderdim. Emma indi görüp otursam, bu giň ýaýran gylyk bolup, şermendeleriň ählisine mahsus ýaly... Düşünişime görä, il içinde başga birlerini utandyrjak bolýan adamlar köplenç düzüw däl, aýyply ýa özleri utanmaly adamlar bolýar."