Samsyk duşmana pursat ber
Adam aýtdy:
"Duşmanyň samsyk bolsa, başyňy tutup, 'alla, duşmanyň bir akyllyragyny berseň bolmadymy?' diýmän garaş. Sen onuň özüňe atýan töhmetlerini aňsatja ýalana çykaryp biljek bolsaňam garaş, sesiňi çykarma, gaýtargy berme, sessiz ruhlandyr. Goý, ol samsyk duşmançylygyny, oýlanyşyksyz şahsy hüjümlerini, töhmetçiliklerini dowam etdirsin. Sebäbi ol bu ýagdaýda saňa garanda özüne has kän zyýan ýetirer. Ahyrsoňunda bolsa, nähili samsykdygyny hemme kişä, görmejege hem görkezer. Ol kimdigini öz delilleri bilen gutulgysyz ýagdaýda subut eder. Samsyk duşmanyňa özüni weýran etmegine wagt ber. Akylly awçylar guşy uçuryp atar. Sen duşmanyňa uçmaga, öz aýyplaryny, öz dost-ýarlarynyň ýa öň dost, soň duşman bolan adamlarynyň aýybyny açmaga, nirede durandygyny, derejesini görkezmäge pursat ber we öz işiňi, ýoluňy dowam et! Her üýren güjüge gaňrylyp seretseň, kän wagt ýitirersiň."