Milli nahar
Adam aýtdy:
"Jaýymyzy ýykýar, işimizi ýapýar, okuwy ýykdy, et ýok, ýag ýok, ýumurtga ýok, çörek ýok, un ýok... Zeýrenjiň soňy gelmedi. Emma söz azatlygy, metbugat erkinligi, pikir aýtmak özgürligi we beýleki hukuklar, konstitusiýa hakynda gürrüň açsaň, 'goýsana, o diýýän zatlaryň bizde bolmaz' diýip, akyl satýarlar we turup gaýdaňsoň, seni bir kemakyl edip, yzyňdan gürrüň edýärler. Arasynda biri-ikisi gyssanyp, şol gün ýa ertesi edilen gybaty getirýär, beýlekileri sabyrlyrak, indiki üýşmeleňde ýa birki aýdan soň ýeňsäňden edilen gürrüňleri aýdýar. Elbetde, gynanan bolup, seniň tarapyňda durup... Içiň ýanýar. Sebäp hakynda däl, netije hakynda gürrüň edip, bir minutlyk akylly bolsalar, hemmesi razy, saçaklary çörekden dolan ýaly... Sen gepde basylan, diýmek akylsyz, märekede gürlemez ýaly edilen adam, käsi açyk gülse, beýlekileri içinden ýa öýüne baryp, aýalynyň ýanynda gülýär. Emma ertesi bir ýas ýerine ýa beýleki üýşmeleňe gelseň, ýene şol zeýrenç. Derdini açyk, pert-pert däl, açyk däl, pyşyrdap, gorkup aýdýanlary diňleseň, özüňem gorkup başlaýarsyň. Hassa jemgyýet, içinde ýaşasaň, gitjek ýeriň ýok, ýa ölmeli, ýa hassa bolmaly. Gep-gybatdan gorkup, diliňe gelen sözi hem aýdyp bolmaýar. Ýogsa, öz gowy görýän milli naharyňyzy – gybatjyklaryňyzy iýiberiň, un, ýumurtga nämä gerek diýesiň gelýär."