Moskwa Aşgabady ýeke goýbermeýär
Adam aýtdy:
"Yzymyzdan ýetjek ýok diýýärdim. Ýalňyşan ekenim. Orsýet ýeke goýberjek däl. Penzadaky 78-nji mekdebiň klas ýolbaşçylary okuwçylaryň ene-atalaryndan ýyllyk komissiýa gelmezinden öň klaslary bezemek üçin prezident Wladimir Putiniň we sebit häkimi Iwan Belozertsewiň portretlerini "gyssagly satyn almagy" haýyş edipdirler. Okuwçylaryň biriniň ejesi bu habary "7X7" neşirine ýetiripdir. Bizde bu oýun 1990-njy ýyllaryň başynda başlapdy. Portretlerden başga, ene-atalar öz hasaplaryna Orsýetiň we sebitiň gimnleriniň tekstlerini hem çap etmeli edilipdir. Mundan öň bu ýerde beýle zat bolman eken. Ykdysatçylar Orsýet basym biziň yzymyzdan ýeter diýse, ynanmandym."