Akylly atalaryň akmak ogullary
Adam aýtdy:
"Çarwa, yzagalak, wagşy diýilýän ata-babalarymyz, iliň balaksyz wagty balak geýipdirler. Sebäbi biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda geýilýän uzyn köýnek bilen at münüp, duşmanyň kellesini kesmek aňsat bolmandyr. Netijede, çarwalar sowukdan goranmak üçin aýaklaryna geýýän uzyn gonçlarynyň ýokarysyny birleşdirmelidigine akyl ýetiripdirler. Şeýdip, çarwalar ilkinji balaklary döredipdir. Bu toslama däl, Merkezi Aziýanyň gündogar böleginde geçirilen gazyp-agtaryşlarda tassyk bolan hakykat. Soň çarwalar ilkinji bolup atlary eldekileşdirip, ilki olary iýen bolsalar, 4000-nji ýylda ulag hökmünde ulanyp başlapdyrlar. Çarwalar III-II müňýyllygyň başynda çarhy, tekerleri ulanmaga başlapdyr. Muny hem Pazyryk depesinde geçirilen gazyp-agtaryşlarda tapylan dört görnüşli araba tassyk etdi. Olar 4-nji asyra degişli hasaplanýar. Assiriýada arabalar 500 ýyl soň peýda boldy. Atlaryň ulag we harby serişde hökmünde ulanylyp başlanmagy bilen, ata çalasyn atlanmak we onuň üstünde ykjam oturmak, gerek wagty üzeňňä galyp, duşmana gaýtawul bermek üçin üzeňňi zerurlygy döreýär. Netijede, çarwalar IV asyrda üzeňňini oýlap tapýarlar. Ilkinji üzeňňiler iki tarapdan atyň eýerine berkidilen gaýyş halkalar bolan bolsa, demriň işlenip bejerilmegi bilen üzeňňiler-de, agyzzyryklar hem demirden edilýär. Kemeriň demir tokasyny hem çarwalar döredipdir. Sebäbi donuň üstünden mata guşak guşasaň bolýar, emma balagy we gylyç-galkany saklamaga demir tokaly kemer gerek. Kemer we olaryň tokasy barada ilkinji gezek skifler hakyndaky ýazgylarda ýatlanýar, olar kemerlerine diňe ýaraglaryny däl, başga zerur zatlaryny hem berkidipdirler. Uzyn gonçly gaýyş ädikleri hem çarwalar döredipdir. Bu ädikler üzeňňi bilen bir wagtraklarda, at çapýanyň aýaklarynyň goragy üçin oýlanyp tapylypdyr. Elbetde, göterme öýler, ýagny söküp-düzmesi aňsat bolan tünek – ýurt hem çarwalaryň oýlap tapan zady. Sebäbi olara daşdan ýa agaçdan jaý gurmak amatly däldi. Ol öýleriň goýun ýüňünden edilen keçe bilen gurşalmagy hem çarwalaryň akyl-tejribesiniň netijesidi. Alymlar ilkinji keçeleriň biziň eýýamymyzdan öňki 5-6-njy müňýyllyklarda basylyp-bişirilendigini aýdýarlar. Ilki ol keçeler tebigy ak we gara ýüňlerden ýapylan bolsa, soň enelerimiz tebigy reňkleri ulanmagy öwrenipdir. Men bu zatlary näme üçin sanaýaryn? Akyl satmak, öwünmek üçinmi? Ýok. Akmak atasy bilen öwner, akylly ogly bilen. Ýöne ata-babalarymyzyň kim bolandygyny, kellelerini we zehinlerini halas bolmak, ýeňilmezlik üçin nähili ulanyp bilendiklerini ýatlatmak isledim. Sebäbi biz internet asyrynda, nirede bir bisowat hökümeti depämize çykaryp, 30 ýyl bäri aç-suwsyz, erksiz, çagalarymyzyň gelejegini ogurladyp, busara ýer tapsak busup otyrys we başga birlerinden ýa alladan kömege garaşýarys."