Reformaçy basybalyjy we uzaga çeken gulçulyk
Adam aýtdy:
"Şekili "Gökdepäniň alynmagy üçin" diýlen medalyň bir ýüzüni bezän rus imperatory Aleksandr II şu gün, türkmen topragyny gana boýan ýylynda, 1881-nji ýylyň 13-nji martynda terrorçy hüjüminiň pidasy bolupdyr. Ol bu gün Orsýetde beýik reformaçylaryň biri hökmünde ýatlanýar, sebäbi 'krepostnoýçylyk hukugy' diýilýäni, erksiz daýhançylygy ýatyryp, ýerli öz-özüňi dolandyryşyň döredilmegine, medenileşen suda ýa kazyýete ýol açypdyr. Emma ne Orsýetde, ne biziň basylyp alnan ýurdumyzda erksiz zähmet ýatyryldy, medenileşen sudlarda bolsa esasan halky soýan adamlaryň çagalary işleýär."