Geň galmak hukugy
Adam aýtdy:
"Orsýetde biri dükanlardan alnan azyk önümleriniň köne çeklerini tapyp, şu günki çekler bilen deňeşdiripdir. Görse, 2007-nji ýylda bahasy 300 rubl bolan azyk önümleri bu günki günde 13500 rubla düşýär. "Inflýasiýa 350%! Bize bolsa inflýasiýanyň derejesi ýylda 4% diýýärler. Aýlyklar, şol wagt bolşy ýaly, häzirem 25000 rubl bolmagynda galýar" diýip, adam üstesine jemagat hyzmatlary tölegleriniň, benziniň hem gymmatlandygyna geňirgenýär. "2007-nji ýylda ýumurtgalaryň bahasy 25-30 rubldy, 2021-nji ýylda 60-90 rubl boldy; syýahat tasdan 3 esse, 200% gymmatlady, 2007-nji ýylda AI-92 benzininiň her litri üçin 15 rubl tölemelidi, 2021-nji ýylda bu baha 45 rubl boldy. Aýlyklar ýokarlanmady. Ajaýyp durmuşda ýaşaýarys, sabyr-kanagat ediň!" diýip, ol gorkman, uly hakykatyň kiçijik bir bölegini aýdypdyr. Gowy ýeri, bizden tapawutlylykda, Orsýetde adamlaryň belli bir bölegine geň galmaga rugsat edýärler. Bizde inflýasiýa ýa-da hökümet talaňçylygyna, döwlet ýalançylygyna geň galsaň, KGB-den öňürti öz garyndaşlaryň ýa düşünjeli hasaplan adamlaryň garalap başlaýar."