Göz açyp görenimiz
Adam aýtdy:
"1980-nji ýyllaryň aýagynda, Sowet Soýuzy çaýkanyp ugranda, umydymyz Moskwadady, ol ýerde okuwly-bilimli, akylly adamlar kän, ýol ýa görelde görkezerler, heläk bolman çykarys bu başagaýlykdan diýýärdik. Düýn öňümden çykan suratdaky sanlar görüp, syrtymy ýere urdum. Bu ýurt dünýäde gury ýeriň altydan birini eýeleýär, tebigy baýlyklaryň 40%-ne eýe, Ýer togalagnyň ilatynyň 2%-ni düzýär. Has anygy, Orsýetde bu günki gün 143,5 million adam ýaşaýar. Olaryň 22 millionynda ýyladyş, 29 millionynda bolsa suw üpjünçiligi ýok. Bu ýurtda 35 million adam kanalizasiýasyz bolsa, 47 million adamyň gyzgyn suw üpjünçiligi ýok. 65 million adamyň tebigy gaza, 78 million adamyň internete elýeterliligi ýok. 90 million adamyň hususy awtoulagy ýok, 110 million adam bolsa GDA çäginden çykyp görmändir... Ýöne şindem umydyny Orsýetden üzüp bilmän, dünýäde bir gowulyk bolsa, Moskwadan uç alar diýip garaşýan ildeşlerim bar. Sebäbi, gözlerini açyp görenleri rus TW-si. Orsça bilmeýänler bolsa, türk TW-siniň läbik batgasyna batýarlar."