Bag ekmek bagty

Adam aýtdy:

"Italiýa pensiýa çykylýan ýaşy 5 ýyl azaldyp, goly ýuka maşgalalar we uzak wagt iş tapyp bilmeýänler üçin adam başyna 780, maşgala başyna 1032 ýewro möçberinde "başlangyç girdeji" tölener. Pensiýa özgertmelerine prezident tarapyndan gol çekildi, Italiýanyň Ministrler kabineti bu kanuny baryp ýanwaryň ortalarynda tassyklady. Italiýada häzir pensiýa ýaşy 67, ol 2011-nji ýylda, ykdysady çökgünlik wagtynda ýokary galdyryldy. Indi, täze düzgüne görä, 29 ýaşyndan bärde işe başlan we uzak arakesmesiz işlän, 36 ýyl iş stažy bolan islendik adam 62 ýaşynda pensiýa çykyp biler. Adamyň ýaşy näçe uly bolsa, onuň pensiýa çykmagy üçin talap edilýän iş stažy şonça-da azalýar. Mysal üçin, 70 ýaşan adam pensiýa çykjak bolsa, ondan 30 ýyl iş stažy soralýar. Bu üýteşmeler hususy pudakda aprelden, döwlet gullugynda awgustdan güýje girýär. Şol bir wagtda, işsizlere ýa goly ýuka maşgalalara tölenýän "başlangyç girdeji" ýatyp iýmek mümkinçiligini bermez. Işsizler täze iş taýýarlygyny almak üçin kurslara gatnar we ýurduň islendik künjeginden hödür edilen işe gitmeli bolar. Eger-de olar iş teklibinden üç gezek ýüz öwürse, "başlangyç girdeji" töleginden kesiler. Şeýle-de, humarly oýun oýnaýanlaram tölegden kesilip biler. Bizdäki berkararlyk we bagtyýarlyk bilen deňeşdirilende, döwlet TW-sindäki ak sakgally gojalar we ak gyňaçly ejeler ylalaşmasa-da, italiýan 'bagtyýarlygy' gowurak görünýär. Ýöne meniň eý diýdigim beý diýdigim däl. Men özümizdäki el çarpmak, ölüp ýeten aýlygyňy ýüze sylmak bagtyny ne Italiýadaky bagta, ne başga ýerdäki altyn asyra çalyşaryn. Sebäbi men sabyr-kanagatly, kişiniň bagtyna göz gyzdyrmaýan we öz ýurdunda ýowara gatnaşyp, bag ekmek ýaly uly bagta eýe bolan adam. Elbetde, ýowarda bişirilen we daşary ýurtly ilçilere hödürlenen tagamlary telewizorda göremde, gyzyl aç garnym jugurdaýar. Garnyňa buýrup bolýarmy näme?"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024