Surat

Emeldarlaryň niýeti

Adam aýtdy:

"Orsýetiň Sewastopol sebitinde bir iňlis dili mugallymy gubernatoryň internet sahypasynda öz aýlygyndan nägilelik bildiripdir. Pahyr hepdede 12 sagat okadyp, 12 müň çemesi rubl alýan eken. Ýogsa, tejribeli, Hytaýda hem iňlis dilini okadan, Kembrijden sertifikat alan professional, üstesine klasynda gubernatoryň ogly hem okaýar... Näme bolandyr öýdýärsiňiz? Ony derrew başlyklar çagyrýar, "E" merkeziniň işgärleri sorag edýärler we soňra işden boşadýarlar. Munam az görüp, gubernatora tarapdar telegram kanallarda 'aýlygyny az gören' mugallymy zäherleýän kampaniýa hem guraýarlar. Ah, zamana, zamana! Zamana neýlesin päliýamana? Emeldarlaryň çyny, olar birki ýurdy däl, tutuş dünýäni alasamsyklaryň ýa kemakyl ikilikçileriň ýokaryk çykarylýan planetasyna öwürmän goýjak däller."

15.02.2021.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021