Çilim gaýraty
Adam aýtdy:
"Biri '100 ýyl ozal hemme kişide at bardy, ýöne maşyn diňe baýlarda bolardy; bu günki gün hemme kişide maşyn bar, ýöne at diňe baýlarda bar' diýip ýazypdyr. Bizde-de häzir şuňa meňzeşräk bir ýagdaý döredi, aty diňe iň baý adamlar edinip bilýär, ýogsa öň atsyz erkek tas bolmandyr. Iň ýamanyň häzir bizde hemme kişide maşyna bar diýip boljak däl. Üstesine, reňki ak bolmaly ýa başga zat diýip, maşynlylary islän wagtlary heläk edýärler. Emma olar çydaýar. Magtymgulyny okasaň, ýigidiň at-ýaragy bolmasa, gaýraty hem bolmaz diýlipdir. Ýöne gowy ýeri, indi Magtymgulyny okap, ýüregini çişirjek bok. O döwür geçdi. Şol bir wagtda aty däl, maşyny, motory ýok, tigir almaga pul tapmaýan, ýöne çilim nobatynda urşup, gaýratlydygyny görkezýän ýigitlerimiz bar."