Içi ýananyň gülküsi
Adam aýtdy:
"Bir tanşym soňky günlerde rus prezidentine bagyşlanan karikaturalary sypdyrman paýlaşýar. Şu gün ol bir anekdoty hem paýlaşdy: "Mugallym çagalardan soraýar: - Kim bilýär - Leniniň atasynyň hakyky ady näme? - Ulýanow! - Çagalar biragyzdan jogap berýär. - A Staliniň atasynyň ady? - Jugaşwili – diýip, diňe iki çaga jogap berýär. - Eýsem, Putiniň atasynyň hakyky ady näme? Çagalar agyr dymýar... Ahyry Wowajyk geňirgenip soraýar: - Beh, dogrudanam Rotenbergmi?" Güldüm. Adamlar gülmese, başga alajy hem ýok ýaly. Atasynyň adyny üýtgetmegi hiç zatça görmeýän liderler, halky halas etjek diýip, milleti ne günlere salýar. Bular başarsa, diňe aglap geçmeli ederler."