Söz meselesi
Adam aýtdy:
"Agzyndan çykýan sözüň manysyny bilmeýän, ýa bilip, bilmedik bolýan, ol sözleriň özi hakynda näme aýdýanyna, haýsy taraplaryny açyp görkezýänine düşünmeýän ýa düşünesi hem gelmeýän adam bilen hiç wagt hiç zadyň maslahatyny ýa geňeşini, gürrüňini ýa gybatyny ediji bolma. Wagt ýitireniň hiç, başga birlerine ynamyň ýa hormatyň azalsa, bu-da owarram, soň özüňi sylap bilmersiň."