Mantyksyz pikir

Adam aýtdy:

"Geň galdym, halklar üçin türme diýilýän Orsýetde bir aktiwist komi diline terjime edilmedik protokola göl çekmekden ýüz öwrüp, tussaglykdan halas boldy. Bir tarapdan adamlary ygtyýar berilmedik ýörişe çykdyň diýip, köçede it ýaly urup-ýençýärler, zor bilen süýräp äkidýärler, ikinji tarapdan dil kanunyny sylan bolýarlar. Bu eşitmiş däl, bolan zat. Syktykwarda saklanan Alekseý Iwanow polisiýa bölüminde komi diline terjime edilmedik protokola gol çekmekden boýun towlady diýip, "Sewero-Zapad. MBH Media" şäher geňeşiniň wekiline salgylanyp, telegram kanalynda habar berdi. Iwanowy 23-nji ýanwarda, syýsatçy Alekseý Nawalnynyň goldawyna gurnalan ygtyýar berilmedik ýörişe gatnaşmakda aýyplapdyrlar. Ýöne protokol Komi respublikasynda rus dili bilen deň derejede resmi dil bolan komi-zyrýan diline terjime edilmändir... Adamyň rugsatsyz nägilelik bildirmäge hukugy bolman, dil hukugy bolup bilermi? Häkimiýet başyndakylaryň mantygyna düşünmek üçin käte düýpden mantyksyz pikirlenmeli öýdýän."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024