Aýdylany diňlemeseň

Adam aýtdy:

"Yzda, soňky otuz ýylda doly güýjünde talanýan ýurdumyzda hossarlarymyz gara heläk, köp adam Türkiýä gelip, hammallyk edýär. Çykanym bilen gürleşýärin, ilki yzda adasy, soň ogly aradan çykdy. Ne ýurda gidip bilýär, ne pul iberip bilýär. Biraz ruhy goldaw bolsun diýip, ýanlaryna baryp, gidenleriň kyrkyny berdim. Emma bu ýurtda 'ekmek oarasyny' gazanýanlaryň ýagdaýynyň çen-çak edişimden has agyrdygyna Ýewropada türk uçaryna münen badyma düşündim. Geçip, ýerimde oturanym hem şoldy, bir garaýagyz aýal gelip, türkçeläp azgyryldy. Men onuň "kalk kyz" diýen ýaly bir zat diýendigine düşündim, ýöne boş uçarda gelip, meniň ýanymda ýa ýerimde oturjak bolşuna düşünmän, "Excuse me?" diýip, iňlisçe gürläp, ýüzüne soragly seretdim. Ýap-ýaňy hem ýüzi-gözi çürşüp duran daýaw aýal birden 180 gradus üýtgäp, ýaz bolup ýylgyrdy we "otur, otur" diýip, başga ýer gözlemäge gitdi. Ilki kelläme gelen "Bäh, bu doganlar ellerinde işläp, günüň galan bolsa nädýärkä, şu ýerde, uçarda gün bermejek bolýar?" diýen sorag boldy. Dünýäde gaz gorlary boýunça dördünji ýerde durýan ýurduň ilaty bolup, Türkiýä baryp, on üçünji sort adam bolarys diýip, heý, pikir edip biljekmidik? Ýöne muny başda, ýetimlikden prezidentlige ýeten mugt gaz berjek diýende hem aýdanlar bolupdy. Haýp, aýdylany diňlemeseň, boljagyň başga eken. Indi bilýärin."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024