Syýasat bilen meşgullanmasaň
Adam aýtdy:
"Rus häkimiýetleri soňky ýigrimi ýylyň dowamynda beýleki ýurtlardaky dostlukly režiimleriň we geosyýasy taslamalaryň goldawy üçin döwlet býujetinden 609 milliard dollar sarp etdi we takmynan bir trillion dollar daşary ýurtlardaky bank hasaplaryna ýerleşdirildi" diýip, “Nowaýa Gazeta” açyk çeşmelerden alnan maglumatlara we rus resmilerine salgylanyp ýazýar. Bu serişdelerden 109 milliard dollar Belarusa, 103 milliard dollar - Ukraina (2014-nji ýyldaky mämişi rewolýusiýadan öň), 32 milliard dollar beýleki respublikalara kömek hökmünde berildi. Rus häkimiýetleri “Demirgazyk akym 2” ýa-da “Türk akymy” ýaly energiýa taslamalaryna 224 milliard dollar sarp etdi. "Nowaýa Gazeta" bilen söhbetdeş bolan hünärmenler, "syýasy maksatly" bolansoň, bu taslamalaryň özlerini ödejegine ynanmaýarlar we serişdeleriň uly bölegi olar amala aşyrylan wagtynda potratçylaryň "jübüsine" girdi. Mundan başga, Orsýet soňky ýigrimi ýylda 116 milliard dollar algysyny geçdi. Aýdaly, Afrika ýurtlarynyň 20 milliard dollar, Eýranyň 12 milliard dollar, Demirgazyk Koreýanyň 11 milliard dollar bergisi bagyşlandy. "Nowaýa Gazetanyň" žurnalistleriniň hasaplamalaryna görä, rus häkimiýetleriniň 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geosyýasata sarp eden pullaryna 15 000 täze hassahana gurup bolardy ýa-da kämillik ýaşyna ýeten her orsýetliginiň bank hasabyna 400,000 rubl geçirip bolardy diýip, Azatlyk radiosynyň Rus gullugy habar berýär. Öňki sowet adamlary, aýyn bolmasa, men syýasat bilen meşgullanamok, syýasatdan daşda durýan ýa-da syýasata kelle agyrtmajak bolýan diýýärler. Megerem şu sebäpden, olaryň köpüsi öňki ýyllardaky ýaly mätäçlikde, zordan gün-güzeran görýärler ýa-da ogurlyk edýärler. Emma syýasat sen kim bolsaň-da sylap goýmaýar, seniň bilen gowy meşgullanýar we kirpi ýaly gorkup, içiňe düýrüldigiňçe hezil edýär. Eder-eder, her kim özüne eder."