Orsýet, Hytaý we uzaga çeken talaň
Adam aýtdy:
"Her kim dünýä öz bähbidinden seredýär diýilýäni gaty dogry. Hytaýyň "Global Times" gazetiniň baş redaktory altynjy gün oppozisioner Alekseý Nawalnynyň goldawyna geçirilen protestleriň prezident Putiniň hökmürowanlygyna hiç bir wehim salmaýandygyny aýdyp, özüni köşeşdirýär. Bu gazet hytaý kompartiýasynyň "Türkmenistan" gazeti ýa-da TDH-sy bolup durýar. Emma ruslar, hytaýly baş redaktor günbatar gaty begenmeli däl diýse-de, 12 şäherde proteste çykdy. Onuň pikiriçe, orsýetlileriň ABŞ-dan we Günbatardan gaty göwni galypdyr we olar Putini "öz bähbitlerini goraýan gahryman" hasaplaýarlar. Hytaýly redaktoryň pikiri Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskowyň pikiri bilen sözme-söz gabat gelýär. Ol protestler 'ýagdaýy mundan aňryk hem bulaşdyrmak isleýänler üçin gerek" diýýär. Maňa Hytaýyň hem, Peskowyň hem pikiri gyzykly däl, ýönekeý orsýetliniň pikiri gyzykly. Ol "Hytaýa rus ýerlerini we tokaýlaryny mugtuň bäri ýanyndan satýan Putin gerek, Orsýetde baş-başdaklyk... gerek däl" diýýär. Geçä jan gaýgy, gassaba – ýag diýleni, Putin dursa, Hytaýyň Kommunistik partiýasy dursa, bizdäki talaňçylyklar hem dowam eder."