Surat

Partiýa edebiýaty

Adam aýtdy:

"Ýazyjy kärdeşlerim degşip, dört ýurduň edebiýatyny ýaňsylap, dört ýazyjynyň suratyny çap edipdirler. Ol suratlaryň biri iňlis edebiýatyna degişli bolup, onda 'Men ar-namys üçin ölerin' diýilse, fransuz edebiýatyna degişli suratda 'Men söýgi üçin ölerin' diýlip ýazylypdyr; amerikan edebiýatyna degişli suratda 'Men azatlyk üçin ölerin' diýilse, rus edebiýatyna degişli suratda ýöne 'Men ölerin' diýlipdir. Onsoň Magtymgulynyň suratyny alyp, onuň 'Ol ýigitler görde ýagşy, başy gowgaly bolmasa' diýen setirlerini ýatlap, "Men gowga üçin ölerin' diýip ýazasym geldi. Ýöne ozal kommunistik, soň demokratik partiýa üçin ölen ýazyjy kärdeşlerim gaty görer öýdüp, hiç zat ýazmadym."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024