Dogry pikirlenýän ýigit
Adam aýtdy:
"Ýeke özümmikäm öýdüp, aýtmaga utanyp ýördüm, arada biri feýsbukda suratyny goýup, şeýle ýazgy galdyrypdyr: birleri içip, serhoşluk edýär, başgalary azgynlyk edýär, käbirleri şäheriň köçelerinde polisiýadan gaçýar, men eýýäm bu hili garagolluklar üçin gaty garry, şol sebäpden diwanda ýatyp, multfilm görýärin. Hudaýa şükür, men ýaly dogry pikirlenýän ýigitler başga-da bar eken."