Ýurt gurmak meselesi
Adam aýtdy:
"Biz ýaly, Horwatiýa hem 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolupdyr. Bizden tapawutlylykda, uruşdan hem geçipdir. 90-njy ýyllarda harabalyk bolup ýatan ýurt. Emma bu gün Horwatiýada ortaça aýlyk haky $1356, ortaça pensiýa $413, şepagat uýasy $900 çemesi aýlyk alsa, wraç $4000 alýar. Horwatiýa häzir awtoulag ýollarynyň hili boýunça dünýäde ýigrimi ýurduň hataryna girýär. Pikir edip görseň, gep haçan garaşsyz bolanyňda ýa başga zatlarda däl, hatda uruşda hem däl, ýurt bolmak islegiňde. Islän – ýurt gurýar, islemedik – başga zat edýär."