Günüňe ýanaýyn, Aşgabat

Adam aýtdy:

"Ýewropada öňki sosialistik ýurtlaryň iň pes aýlyk haklary barada çykan soňky maglumatlar ünsümi egledi. Rus bloggeri Ýewropada Orsýetdäki ýaly pes aýlykly ýurduň indi galmandygyny aýdýar. Ol Ýewropanyň ozalky sosialistik ýurtlaryndaky aýlyk haklaryny şu günki nyrhlar boýunça rubla öwrüp, öz makalasynda şeýle maglumat berýär: Albaniýa - 209.1 ýewro (19,475 rubl), Bolgariýa - 311,89 ýewro (29,048 rubl), Çernogoriýa (Garadag) - 331.33 ýewro (30859 rubl), Serbiýa - 344,43 ýewro (32,079 rubl), Wengriýa - 451.51 ýewro (42052 rubl), Rumyniýa - 460,77 ýewro (42,914 rubl), Horwatiýa - 536,60 ýewro (49,977 rubl), Çehiýa - 546 ýewro (50,852 rubl), Slowakiýa - 580 ýewro (54,019 rubl), Polşa - 583,48 ýewro (54343 rubl), Sloweniýa - 940.58 ýewro (87601 rubl). "Bu zähmet üçin tölenýän iň pes aýlyk haklary. Işleýänleriň köpüsiniň girdejisi has ýokary. Ýewropa uly, ýöne onda iň pes aýlygyň Orsýetdäki ýaly pes ýeri ýok" diýip, blogger 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda ýazypdyr. Onuň bu hakykata gelşi hem täsin. Ol, moldowanlar işlemäge gelensoň, olarda iň pes aýlyk Orsýetdäkiden hem pes bolmaly diýen netijä gelýär. Moldowan ykdysadyýeti hatda SSSR-iň düzüminde bolan wagtynda hem üstünlikli bolmady, bu ýurtda gymmatly çig mal-da, önümçiligi ösdürmäge itergi berjek energiýa çeşmeleri hem ýok; garaşsyz ýurt bolanyndan soňam yklymyň ň bir garyp ýurtlarynyň biri bolmagyna galýar diýip, awtor pikir edýär. Emma görse, moldowanlaryň hem iň pes aýlygy Orsýetdäki iň pes aýlykdan ýokary bolup çykýar. "Has takygy, 6 ýyl ozal iň pes aýlyk hakdaky täze kanun güýje girende, moldowanlaryň aýlygy gaty azdy - aýda bary-ýogy 1000 leidi. Biziň pulumyzdan takmynan 4600 rubl bolýar" diýip, awtor ozal moldowanlaryň aýlyklary barada näme sebäpden şeýle pikire gelendigini hem boýun alýar. Emma görse, Moldawiýa bir duran ýerinde durmandyr, aýlyklar yzygiderli indeksasiýa edilipdir. Şeýlelikde, Moldawiýada iň pes aýlyk 2020-nji ýylyň maýyndan bäri aýda 2935 leý. Şu günki nyrhlar boýunça öwrülende, ol 13718 rubl bolýar, Orsýetde bolsa, ýatlatsam, iň pes aýlyk 12130 rubl. Olar bizden bir ýarym müň rubl ozupdyr diýip, Krizistan ýazýar. Elbetde, bu gürrüňden soň öz ýagdaýymyz ýada düşýär. Iň pes aýlyk ýa pensiýa barada aýdyp, ýüregiňizi agyrtmaýyn. Geçen ýyl, Aşgabat Moskwa bilen 17 ýyl öň gol çeken howpsuzlyk hyzmatdaşlygy şertnamasyny parlamentler derejesinde tassyklandan soň, rus metbugatynda Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisden çykmak üçin Moskwa ýaplanýandygy barada akyl satyldy. Ýaplanýanyň iň pes aýlykda Moldowadan hem yzdaky ýurt bolsa, günüňe ýanaýyn, Aşgabat diýesim gelýär."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024