Tötänlikmi ýa...
Adam aýtdy:
"Feýsbukda "Weçernýýa Moskwa" gazetiniň 1936-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky sanynyň suratyny paýlaşypdyrlar. Bu gazetiň SSSR-de köpçülikleýin repressiýalaryň başlangyjy bolan we 2021-nji ýylyň kalendaryna doly gabat gelýän 1937-nji ýylyň öňüsyrasynda çykan iň soňky sany. Birinji sahypada Staliniň portreti, içinde oňa bagyşlanan dabaraly waspnama, ilat ýazuwynyň geçiriljekdigi baradaky habar (2021-nji ýylda Orsýetde hem ilat ýazuwy geçiriler) bar, şeýle-de 1936-njy ýylda kabul edilen Stalin konstitusiýasynyň birinji ýyl dönüminiň gelýändigi ýatlanýar (nähili tötänlik!). Gazetiň bu sanyny çapa taýýarlan we ony neşir eden dört adam soň atyldy diýip, “Memorial” jemgyýeti habar berýär. Geň ýeri, gelýän ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň konstitusiýasyna girizilen soňky düzedişlere hem bir ýyl bolar. Şýle-de, ýyl aýagynda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň gelýän ýylda garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellejekdigi ýatladyldy. Ýöne Orsýetden tapawutlylykda, Türkmenistan indiki ilat ýazuwyny biraz giç, 2022-nji ýylda geçirer."