Allanyň ýalňyşy
Adam aýtdy:
"Säher turup, ilki gök taňra, soň hudaýa nalyş etdim: ýaradan, meni gowy görüp ýaradan bolsaň, näme üçin ýanyp ýatan Garagumy watan diýip berdiň, soňam yzly-yzyna diktator iberýäň, onda-da samsykdan samsygyny, juda bolmanda akyllyrak diktator iberseňem beýle masgara bolmazdyk diýdim. Ilki taňrydan owaz geldi: sen gumda guýy gazyp bilýärdiň, aç-suwsuz galmajagyňy, duşmanlaryňy azaşdyrjagyňy bilýärdim diýdi. Soň hudaýdan owaz geldi: adamdan alla ýasamagy bilen ony bozmagy hem başarar öýdüp ýalňyşdym diýdi."