Başa gelen

Adam aýtdy:

"Başymyza gelen, depämize çykan näme üçin her gezek eýle ýa beýle bolýar? diýip, biderek ýere goh-galmagal turuzmaň, mundan netije çykmaz. Biz näme üçin şeýle diýip goh turzuň, özüňize sorag beriň, jogap gözläň we tapjak boluň. Soň şol jogap, sebäp ýa ýalňyş üstünde işläň, öý işiňizi ediň, özüňizi düzediň. Şondan soň başyňyza gelen, depäňize çykan her gezek eýle ýa beýle bolmaz. Siziň başyňyza gelen öz çiglikleriňiz, öz jogapkärçiligiňizi öz üstüňize alman, ony başga birlerine berip, özüňize ikilik edip, soňra başga birleriniň size, siziň maşgalaňyza we çagalaryňyzyň gelejegine ikilik etmezligine garaşmagyňyz."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024