Zaýalanan sözler

Adam aýtdy:

"Gowy sözleri ozaly hökümet, döwlet zaýalaýar. Mysal üçin, gerek bolanda nirede pes, ile ýigrentgi adamlary gahryman atlandyrýar. Dogry, soň ol gahrymanlaryň käbiri ogry-jümri, kezzap diýlip, türmä hem basylýar. Diýmek, döwlet ýa bir gurama näme at berende hem eselip ýa peselip oturasy iş ýok. Ýöne arada diňe döwlet däl, halkymyzam şeýle ýaly-la, islendik gowy sözi hajathana kagyzyna öwürýän adamlaryň özi ýaly-la diýip pikir etdim. Hawa-da, döwlet, hökümet hem adamlardan gelip çykýar-da. Emma soň 'toba' diýip, içimden eden, heniz daşyma çykaryp ýetişmedik pikirimden özüm utandym. Sebäbi hajathana kagyzy arassaçylyga hyzmat edýärdi, keselçilige garşy göreşýärdi, adam ömrüni uzaldýardy. Sözler bolsa, näçe owadan boldugyça, bozuk adamlaryň eline düşse, şonça kän matlaply ulanylýar. Hususan-da bu dinde, syýasatda şeýle, beýni ýuwmak, adamlaryň gelejegini ogurlamak üçin gowy sözden, ertekiden gowy gural ýok."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024