Kyn zamana

Adam aýtdy:

"Irden, günortan we agşamlaryna, ýarasam daş çykyp, ýöräp gelmejigim bardy, indi ondanam dynaryn öýdüp gorkýaryn. Sebäbi oglum daşardan gelsem, birki gün bäri 'Gar oýnap geldiňmi?' diýip soramaga başlady. Ondan öň tigirlije gezim ederdim, emma oglum 'Tigriň motorlymy? Ýa motorly tigre puluň ýetenokmy?' diýip, tigir sürmämi goýdurdy. Soň elime plastik hasa alyp, golaýdaky tokaýa, daglyga giderdim, oglum gülüp başlansoň, onam goýdum. Sebäbi näme etsem, o birine öýkünýän ýaly bolaýýan. Indi öýden çykman oturybermesem... Walla, näme etjegiňi biler ýaly zamana bolmady."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024