Bolşuny aýtsam

Adam aýtdy:

Adam aýtdy:

“Ýene medal paýlanyşyk boldy, maňa bermediler. Sebäbi men medal berilýän adamlaryň hilinden däldim. Onsoň, işden gelip, adatça oýnaýan pida oýnumy oýnadym: maňa ýene medal bermediler, medaldan geçen, iki agyz hoş söz hem aýtmadylar, ýogsa kyrk ýyl bäri il-günüme, halkyma hyzmat edýärin diýdim. Öýdäkiler güldüler. Men dowam etdim: bolmanda siz bir öwüň, olar tanamasa-da, siz meniň gowy kakadygyny gowy bilýärsiňiz-ä diýdim. Aýalym bilen gyzym ýylgyrdy. Kiçi oglum gaşyny çytyp, 'pida oýnuny oýnamakdan ýadamadyňmy?' diýip, öz otagyna gitdi. Uly oglum gönüledi: 'Türkmeni öwseler, onuň nähili bolýanyny görmediňmi? Özüň aýdýardyň-a, 'öwlen oglan öňe nemeder' diýip. Hanha, öň biri özüni, halkyny dünýä masgara edip öldi. 'Aý, ene-atasyz ösen-dä, maşgala terbiýesini görmedik-dä' diýdiler. Ikinjisi geldi, ene-ataly, begendiler, emma öňküden beter boldy. Özüň aýdýardyň-a, 'bu göle boşansa, ondan beter' diýip... Ýeňleňde gaharyň gelse, iki ýeňliş bolýar diýýärler. Şu sebäpden, gaharymy basyp, ýalandan güldüm. Soňundan bolsa: 'Gowy, çagalaryma gowy terbiýe beripdirin, olaram özüm ýaly işini edýän, düzüw adam bolarlar, medala, hökümet öwgüsine satylmazlar' diýdim. Ýokardan kiçi oglumyň hüňürdisi eşidildi: 'Hawa-da, başgalar öwmese, özüň özüňi öwüp, öz aşagyňda ulurak domkrat goýmaly-da...' Bu bolan zatlary bolşy ýaly ýazmakdan başga alaç tapmadym.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024