Diktatorlaryň bagty
Adam aýtdy:
"Bir ildeşim garaşsyz neşirde galplaşdyrylan aýyplama bilen türmä basylan ýaş habarçy baradaky makalanyň aşagyndan öz arzuw-islegini galdyrypdyr. Gynandym. Ol 'dikatator prezidentleriň ähli işi şowuna' diýip, öýke-kine edýär. 'Putiniň, Kremliň we SNG (GDA) döwletleriniň terrorçylary, genosid, korrumpirlenen, ýöriteleşdirilen jenaýatçy gruppalar-da (toparlar-da)' diýýär. Soňundan bolsa, okean aňyrsynda bir ýurduň täze saýlanan prezidentiniň adyny tutup, oňa we onuň ýurdunyň ýustisiýasyna (adalat ulgamyna) öz halkynyň adyndan 'doly we dogry sledstwiýe (derňew) geçirmek haýyşy bilen ýüzlenýär. Şeýle-de ol makala çap eden neşiriň işgärleriniň bu pikirini iňlisçä geçirip, şol ýurda ýollamaklaryna garaşýar. 'Boljak-da, siz garaşyň, üstesine öz hukuk goraýjylaryňyz parahor, resmileriňiz ogry, žurnalistleriňiz ýalançy, beýlekileriňiz el çarpyjy we, gowy bolup, daşary ýurt metbuagtyny okaýany şeýle pikir edýän bolsa, diktatorlaryň işi hemişe şowuna bolar' diýip, öz pikirimi ýazasym geldi, ýöne ýazmadym."