Ýoýlan adamlar
Adam aýtdy:
"Kumuk taryhçysy Myrat Ajynyň ýazmagyna görä, biziň ata-babalarymyz çagalaryna at münmegi, ýaýdan ok atmagy we dogry sözli bolmagy öwredipdirler. Indi düşünýärin, basybalyjylar bizi atdan düşürip, ýaýymyzy elimizden alyp, diňe ýalan sözlär ýaly edipdirler. Onsoň biz 'Dogry sözlüni dokuz obadan kowarlar', 'Dogry sözliň dosty ýok' diýip, özümizi aldajak bolupdyrys. Şeýdip, ýuwaş-ýuwaşdan, aslymyzydan daşlaşyp, özümizi ýoýup, biz özümizi ýok edipdiris. Dogry sözi aýtmakdan, dogry sözi aýdanlary goldamakdan geçen, dogry sözli adamlardan daşrakda durmagymyzyň, gaçmagymyzyň sebäbi şu ýerde. Biz başgalara däl, hatda özümize hem dogry sözi aýtmakdan, öz ýalançylygymyzy bolmanda öz ýanymyzdan boýun almakdan hem gorkýarys. Bu bize basybalyjylaryň beren sowgady, biz ol sowgady ölýänçäk bagrymyza basyp ýaşaýarys. Biz – aslyndan, ata-baba däplerinden ýüz öwren, ony unudan we özümizi aldamagy adat edinen adamlar!"